18-nji noýabrda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy ýurduň daşary ykdysady işine gatnaşýan hususy pudagyň wekilleri, şeýle hem logistika kompaniýalarynyň işgärleri üçin nobatdaky maslahat duşuşygyny geçirer.
Duşuşyk sagat 10:00-da Aşgabat şäher gümrükhanasynyň Halkara gümrük terminalynda ýerleşýän mejlisler zalynda geçiriler.
Gatnaşyjylara gümrük işi boýunça hukuk kömegi we degişli meseleler barada düşündirişler berler.
Duşuşygyň dowamynda harytlary Türkmenistandan eksport etmegiň we daşary ýurtlardan import etmegiň hukuk esaslary, gümrük amallaryny ýerine ýetirmegiň tertibi, halkara ýük daşamalaryna bildirilýän talaplar hem-de gümrük işinde sanly ulgamlary ulanmagyň täze düzgünleri ara alnyp maslahatlaşylar.
Şeýle hem gatnaşyjylar gümrük işi bilen bagly beýleki meseleler boýunça özlerini gyzyklandyrýan sowallary berip biler.
Duşuşyga ähli gyzyklanma bildirýän taraplar çagyrylýar.
Goşmaça maglumat üçin telefon belgisi: (+993 12) 39-41-39.