Bekhem atyr brendiniň abraýyna zeper ýetirilmegi sebäpli Coty-dan $41 mln talap edýär

Şu gün, 09:05323

Dewid Bekhemiň DB Ventures kompaniýasy Amerikan kosmetika ägirdi Coty kompaniýasynyň üstünden şertnamanyň düzgünlerini bozandygy üçin kazyýete şikaýat etdi. Arzaçy şertnamany möhletinden öň ýatyrmagy we azyndan 41 mln dollar öwez tölegini talap edýär diýip, ABC News habar berýär.

DB Ventures-iň aýtmagyna görä, Coty kompaniýasy Bekhemiň brendiniň astynda öndürilen parfýum önümlerini hukuk eýesi bilen ylalaşylmadyk söwda nokatlarynda, şol sanda Beýik Britaniýanyň arzan dükanlar ulgamy Poundland-de hem satypdyr. Şeýle-de degişli önümler ýangyç guýujy bekediň arzanladylan harytlar üçin niýetlenen sebedine hem düşüpdir.

Kompaniýanyň hasaplamalaryndan çen tutsaň, Coty bu usul bilen, takmynan, 24,2 million dollarlyk parfýum önümlerini satypdyr. Şol bir wagtyň özünde, arzanladyşlar harytlary doly satyp gutarmak maksady bilen geçirilýän derejä çenli ýetipdir. Coty kompaniýasynyň assortimentinde Bekhemiň Classic, Instinct we Intimately Beckham ýaly kolleksiýalaryny öz içine alýan 45 görnüşli atyr bar.

«DB Ventures kompaniýasynyň wekilleriniň Dewid Bekhemiň önümleriniň ýangyç guýujy bekedinde satylýandygyny görüp, haýran galmakdan ýaňa nähili ýagdaýa düşendigini bir göz öňüne getiriň. Nädip şeýle ýagdaýa ýol berildi? Munuň sebäbi kanagatsyzlyk we açgözlükdir» diýlip, kazyýete berlen arzada bellenilýär.

Mundan başga-da, DB Ventures kompaniýasy Coty-ni rugsatsyz mahabat kampaniýasyny geçirmekde we arassa girdejiniň möçberini azaldyp görkezmekde aýyplaýar. Arzaçynyň tassyklaýşy ýaly, garaşsyz auditor barlagy netijesinde 123 million dollarlyk tapawut ýüze çykarylypdyr. Şeýlelikde, DB Ventures 6 mln dollar möçberinde ygtyýarnama tölegini alyp bilmändir.

Coty bolsa öz gezeginde aýyplamalary ret edip, şertnama boýunça borçlaryny bozmandygyny tekrarlaýar. Kompaniýa diňe bir gezek rugsatsyz mahabat kampaniýasynyň geçirilendigini boýun alyp, onuň hem tizden-tiz çözülendigini nygtaýar.

Coty DB Ventures kompaniýasynyň bu arz-şikaýaty hyzmatdaşlygy möhletinden öň tamamlamak üçin bahana hökmünde ulanýandygyny belleýär. Kompaniýanyň pikiriçe, maksat – 2028-nji ýylda tamamlanmaly şertnamanyň möhletine garaşman, parfýumeriýa biznesini bäsdeş kompaniýa geçirmekdir.

2028-nji ýylyň aprel aýyndan başlap, Bekhemiň brendiniň astynda parfýumeriýa önümlerini öndürmek we satmak hukuklary Interparfums kompaniýasyna geçmeli. Bu kompaniýa Beckham brendiniň hukuklaryna eýe bolan Authentic Brands Group bilen 20 ýyllyk şertnama baglaşdy. Bu ylalaşyk barada şu ýylyň ýanwar aýynda habar berlipdi.

Häzirki wagtda Nýu-Ýorkuň kazyýetiniň bu iş boýunça haçan karar çykarjakdygy we kazyýet jedeliniň ygtyýarnamanyň Interparfums kompaniýasyna geçirilmegine nahili täsir etjekdigi entek belli däl.