18-nji noýabrda Aşgabatda Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisi geçirildi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde aýdyldy.
Oňa Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň agzalary, Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik birleşikleriniň we habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary gatnaşdy.
Mejlisiň esasy ünsi 23-nji sentýabrda geçirilen Halk Maslahatynyň taryhy mejlisiniň netijeleri boýunça durmuşa geçirilýän işlere we ýurdy mundan beýläk-de ösdürmek bilen bagly wezipelere gönükdirildi.
Gün tertibine «Halkara hukugy we Türkmenistanyň Bitaraplygy» milli Konsepsiýasyny durmuşa geçirmek, 2030–2045-nji ýyllar üçin senagat strategiýasyny, bilim ulgamyny kämilleşdirmek we ýaşlar syýasatynyň 2031-nji ýyla çenli üçin Döwlet maksatnamasyny ýerine ýetirmek meseleleri hem girizildi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow 2027–2028-nji ýyllarda Halkara hukuk ýylyna taýýarlyk görmek we ony geçirmek boýunça Türkmenistanyň Hereketleriniň milli meýilnamasynyň taslamasy barada habar berdi. Resminama alty sany ugry we 19 sany çäräni, şol sanda halkara maslahatlary, ylmy-amaly duşuşyklary, bilim maksatnamalaryny we maglumat başlangyçlaryny öz içine alýar.
Teklipleriň arasynda 2028-nji ýylda Aşgabatda we Nýu-Ýorkda resmi açylyş çäreleri, BMG-niň Baş Assambleýasynyň çäginde ýörite çäre we Halkara hukuk boýunça Ählumumy forumy geçirmek bar.
Gurbanguly Berdimuhamedow taslamany makullap, ony Türkmenistanyň Prezidentiniň garamagyna hödürlemegiň maksadalaýyk boljakdygyny aýtdy.
Mejlisiň aýratyn bölegi Senagat taýdan ösüşiň milli strategiýasyny amala aşyrmaga bagyşlandy. Welaýatlarda önümçilik kuwwatyny artdyrmak, döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmak we täze kärhanalary döretmek boýunça taslamalar ara alnyp maslahatlaşyldy.
Şeýle hem gatnaşyjylar milli bilim ulgamyny kämilleşdirmek boýunça tekliplere, şol sanda Bilim ministrliginiň Bilim ulgamyny ösdürmegiň milli institutyny döretmek meselelerine garady. Mekdepleriň mugallymlara bolan zerurlygyny çaklamak we ýaşlar startaplaryny, halkara bilim gatnaşyklaryny hem-de sanly tehnologiýalar we emeli aň ulgamyndaky başlangyçlary ösdürmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Mundan başga-da, geljek ýyl geçiriljek Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň nobatdaky gurultaýyna taýýarlyk görmäge başlamak tabşyryldy.
Ahalteke bedewleriniň nesil arassalygyny gorap saklamaga we atçylygy ösdürmäge uly üns berildi. Şunuň bilen baglylykda, «Türkmenistanda ahalteke bedew atlarynyň döwlet goragy hakynda» Kanunyň berjaý edilişi, halkara çäreleriň geçirilmegi we milli atçylyk sungatynyň wagyz edilmegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle-de 12-nji noýabrda gadymy Amuldan badalga alan «Amul — Hazar» atly ýörişiniň ähmiýeti bellenildi.
Milli Lider mejlisiň jemlerini jemläp, döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmek we ýurdy durmuş-ykdysady taýdan mundan beýläk-de ösdürmek boýunça Halk Maslahatynyň, Mejlisiň, Hökümetiň we jemgyýetçilik birleşikleriniň bilelikdäki işini dowam etdirmegiň zerurdygyny nygtady.