18-nji noýabrda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde ykdysady ösüşi mundan beýläk-de çaltlandyrmak boýunça çäreler ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýurduň jemi içerki önüminiň (JIÖ) ösüş depginini saklamak üçin ykdysady görkezijilere statistika gözegçiligini güýçlendirmegi tabşyrdy.
«Watan» habarlar gepleşiginde aýdylyşy ýaly, 23-nji sentýabrda geçirilen Halk Maslahatynyň mejlisinde öňde goýlan wezipeleriň ýerine ýetirilişi barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Hojamyrat Geldimyradow hasabat bilen çykyş etdi.
Ol öz hasabatynda ýurtda ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda önümçiligi artdyrmak, sebitleri durnukly ösdürmek we ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak boýunça çäreleriň durmuşa geçirilmeginiň dowam edýändigini belledi.
Häzirki wagtda 2027-nji ýyl üçin Döwlet býujetini taýýarlamak hem-de ýurdy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň esasy görkezijilerini, şol sanda pudaklar we sebitler boýunça maýa goýumlaryň möçberlerini kesgitlemek işleri alnyp barylýar.
Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň ykdysady ösüş depginini ýokarlandyrmak üçin uly mümkinçiliklere eýedigini aýtdy. Hususan-da, ol bu ugurda dünýä bazarlarynda uly isleg bildirilýän karbamid, ammiak, polipropilen we polietilen öndürýän iri kärhanalaryň gurlandygyny belledi.
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň aýtmagyna görä, senagat desgalarynyň gurluşygyny dowam etdirmek hem-de kiçi we orta telekeçiligi ösdürmek JIÖ-niň ösüş depginine ýardam eder.
Mejlisiň barşynda «Türkmenistany Senagat taýdan ösdürmegiň 2030–2045-nji ýyllar üçin Milli strategiýasynyň» maksatlary hem ýatlanyp geçildi. Ol senagatda zähmet öndürijiligini 1,5 esse ýokarlandyrmagy, 50 müňe çenli täze iş orunlaryny döretmegi, sebitleriň çig mal däl eksportyny 2–3 esse artdyrmagy hem-de 25 müňe çenli täze kiçi we orta kärhanalary döretmegi göz öňünde tutýar.