ABŞ bir günde 14 mln barrelden gowrak nebit çykaryp, täze rekord goýdy

Şu gün, 08:20238

ABŞ-da nebit önümçiligi bir günde 14,032 mln barrele ýetip, taryhda iň ýokary görkezijä ýetdi. Bu barada ABŞ-nyň Energetika maglumatlary müdirliginiň (EIA) beýanatynda aýdylýar.

Mundan öňki rekord 30-njy oktýabrda tamamlanan hepdede hasaba alnyp, şol döwürde amerikan kompaniýalary bir günde ortaça 14,003 mln barrel nebit çykarypdyrlar. Soňky dört hepdäniň dowamynda bolsa gündelik ortaça önümçilik 14,01 mln barrele deň boldy.

2025-nji ýyla nazar aýlasaň, ABŞ-da bir günde ortaça 13,8 mln barrel nebit öndürilipdir.

Şol bir wagtyň özünde, 10-njy noýabrda ABŞ-nyň Energetika ministrligi 2026-njy ýylda dünýäde nebite bolan islegiň ösüşi baradaky çaklamasyny peseltdi. Täze çaklama görä, nebite bolan isleg bir günde 2,03 mln barrel artar. Dünýäde nebitiň bir günde umumy sarp edilişiniň bolsa 102,38 mln barrele ýetmegine garaşylýar.
Çaklamanyň täzeden gözden geçirilmegine dünýäniň nebiti köp sarp edýän iri ýurtlarynda ykdysady ösüş depgininiň haýallamagy sebäp boldy.