Angliýanyň Norfolk graflygynda Beýik Britaniýanyň şazadasy Wilýamyň Anmer-Holl atly rezidensiýasyna ogry girdi. Bu barada ýerli polisiýa habar berdi.
Waka 23-nji noýabrda, öýde adam ýok wagty bolup geçdi. Polisiýa şübheli hereketler barada habar alandan soň, iki adamy tussag etdi.
Anmer-Holly şa zenany Ýelizaweta II 2011-nji ýylda toý sowgady hökmünde Wilýama we aýaly Keýt Middltona sowgat beripdi. Olar bu ýeri dynç almak we gysga wagtlyk saparlar üçin ulanýarlar.
Şazada Wilýam bilen Keýtiň esasy ýaşaýan ýeri Windsor köşgündäki rezidensiýadyr.