Senegalyň futbol ýygyndysy gaýtadan Afrikanyň çempiony diýlip ykrar edildi

Şu gün, 11:171,066
1 / 2

Sport arbitraž kazyýeti (CAS) 2025-nji ýylyň Afrika Milletler kubogynyň çempionlyk adyny Senegalyň milli ýygyndysyna gaýtaryp berdi. Şeýlelikde, öň çempion diýlip yglan edilen Marokkonyň ýygyndysy kubokdan mahrum boldy.

Jedeliň döremegine ýanwar aýynda geçirilen final duşuşygy sebäp boldy. Duşuşygyň esasy wagty 0:0 hasabynda tamamlanypdy. Goşmaça wagtda senegallylar gol geçirdi, emin Žan-Žak Ngambo Ndala düzgün bozuldy diýip, ony hasaba almady. Az salymdan bolsa Senegalyň derwezesine 11 metrlik jerime urgusyny belledi. Muňa nägilelik bildiren Senegalyň tälimçisi Pap Tiaw toparyny meýdançadan alyp gitdi. Emma hüjümçi Sadio Maneniň baştutanlygynda oýunçylar meýdança dolanyp, duşuşyk dowam etdi. Marokkonyň oýunçysy Braim Dias jerime urgusyny dürs ýerine ýetirip bilmedi. Soňra senegally Pap Geýe duşuşykdaky ýeke-täk goly geçirip, toparyna 1:0 hasabynda ýeňiş getirdi.

Duşuşykdan soň Marokkonyň futbol federasiýasy Senegalyň oýunçylarynyň meýdançany terk etmegi bilen, ýaryşyň düzgünlerini bozandygyny öňe sürüp, netijä garşy şikaýat etdi. Afrika Futbol Konfederasiýasy (CAF) bu şikaýaty goldap, Senegalyň ýygyndysyna 0:3 hasabynda tehniki ýeňliş berdi we Marokkony çempion diýip yglan etdi.

Senegalyň futbol federasiýasy hem öz gezeginde bu kararyň üstünden CAS-a şikaýat etdi. Netijede, kazyýet tehniki ýeňliş baradaky karary ýatyrdy we çempionlyk adyny Senegalyň ýygyndysyna gaýtaryp berdi.

Şeýlelikde, Senegal taryhynda ikinji gezek Afrika Milletler kubogynyň ýeňijisi boldy. Topar ilkinji gezek 2021-nji ýylda çempion bolupdy. Marokkonyň ýygyndysy bolsa bu ýaryşda 1976-njy ýylda ýeňiş gazanypdy.