Huawei-iň «akylly» fitnes-bilezigi gapy gulplaryny açmagy öwrendi

05.12.2019, 06:232,833

Honor kompaniýasy akylly Honor Band 5 bileziginiň funksiýasynyň giňelendigi barada habar berdi: NFC moduly bilen üpjün edilen wersiýasy gapylary açma funksiýasyna eýe boldy. Ony işe girizmek üçin proşiwkany täzelemeli we giriljek ýere rugsady üpjün edýän karty hasaba almaly.
Işläp taýýarlaýjylaryň habar bermegine görä, munda 13,56 MGs ýygylykda işleýän şifrlenmedik we bank kartlary bolmadyk kartlar ulanylyp bilinýär. Bilezigiň ýadynda şeýle kartlaryň jemi bäşisini saklap bolýar. Funksiýanyň işlemegi üçin internet gerek däl, ol diňe karty ýat gurluşyna girizeniňde ýa-da ony ýatdan aýyranyňda gerek.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.