5G ulgama eýe bolan ilkinji planşet 2020-nji ýylda çykar

12.01.2020, 11:253,105

Samsung kompaniýasy täze nesliň aragatnaşyk ulgamyna eýe bolan ilkinji planşedini 2020-nji ýylyň birinji çärýeginde çykarjakdygyny resmi taýdan tassyklady.
Täze wersiýanyň häsiýetleri beýleki adaty planşetlerden tapawutlanmaz. Ol 10,5-dýuýmly SAMOLED-ekranyna, Snapdragon 855 prosessoryna, 8/128 GB ýada, 13 we 5 MP-li birnäçe kamera, şeýle-de 7040 mA/sag sygymly akkumulýatora eýe bolar. Aragatnaşyga bolsa, aýratyn modem Snapdragon X55 jogap berer. Ilkinji nobatda, planşet Günorta Koreýanyň bazarynda satylyp başlanar.
Bu gurluşyň çykarylmagynyň anyk senesi, şeýle-de ony beýleki ýurtlarda çykarmagyň meýilnamasy heniz ýok. Bahasy barada hem maglumat ýok.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.