Türkmenistan köpçülikleýin ulanylýan professional kompýuterleri öndürmegi meýilleşdirýär

03.05.2020, 11:329,282

Anna güni geçirilen hökümet mejlisinde ýurdumyzyň umumybilim berýän mekdepleriniň 1-nji synp okuwçylaryny täze okuw ýylynda kompýuterler bilen üpjün etmek boýunça geçirilýän işler barada habar berildi. Kompýuterleriň zerur bolan sanynyň çykarylmagyny Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň Kompýuter tilsimaty merkeziniň bilelikdäki «Agzybirlik tilsimaty» kärhanasy üpjün eder.
Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow degişli ýolbaşçylara 1-nji synp okuwçylary üçin kompýuter tehnikalarynyň programma üpjünçiligine, okuw wezipesine hem-de çagalaryň saglygy üçin howpsuzlyk ölçeglerine bildirilýän häzirki talaplara laýyklykda, olaryň öndürilişine berk gözegçilik etmegi tabşyrdy. Bu işiň baş maksady ýurdumyzyň bilim ulgamynyň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin şertleri döretmek bolup durýar.
Mundan başga-da, Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýer Ç.Gylyjowa «Agzybirlik tilsimaty» kärhanasynda köpçülikleýin ulanylýan professional kompýuterleriň önümçiligini ýola goýmak baradaky meseläni öwrenmegi tabşyrdy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.