Font UFC-niň Wegas-27 ýaryşynyň esasy söweşinde Garbrenti ýeňdi

25.05.2021, 12:159,362

Las-Wegasda (ABŞ) UFC-niň Wegas-27 (Fight Night 188) ýaryşy geçirildi. Ýaryş agşamynyň esasy tutluşygynda aşa ýeňil agram diwizionynda amerikaly Rob Font öz watandaşy Kodi Garbrendtden üstün çykyp, karýerasyndaky iň görnükli ýeňşini gazandy.

Font öz ýeňşini bäş tapgyryň netijeleri boýunça, eminleriň biragyzdan ykrar etmegi bilen aldy. Hasap 48-47, 50-45, 50-45 boldy. Şeýlelik bilen, ol UFC-de ýeňişli seriýasyny dört söweşe çenli uzatdy. Umuman, onuň hasabynda UFC-de üç ýeňliş bilen dokuz ýeňiş bar. Garbrent üçin bolsa bu - soňky bäş söweşde dördünji ýeňliş boldy. Şeýle hem Garbrent karýerasynda ilkinji gezek möhletinden öň ýeňilmedi diýip, çeşme habar berýär.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.