Türkmenistanyň baş diplomaty Daşkentde saud arabystanly kärdeşi bilen duşuşdy

17.07.2021, 00:495,762

Daşkentde Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň Saud Arabystany Patyşalygynyň daşary işler ministri Faýsal Bin Farhan Al-Saud bilen geçirilen duşuşygynda syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlardaky türkmen-saud gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Taraplar söwda-ykdysady we maýa goýum gatnaşyklary ösdürmek boýunça gyzyklanmalary tassykladylar. Diplomatlar sebit we halkara derejelerde köptaraplaýyn düzümleriň çäklerinde hyzmatdaşlygy berkitmegiň ähmiýetini nygtadylar. Türkmenistanyň we Saud Arabystany Patyşalygynyň sebitde hem-de onuň daşynda parahatçylygy, durnuklylygy we ykdysady ösüşi ilerletmek ugrunda çykyş edýändikleri aýratyn bellenildi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.