Hytaýda 5G üçin gurlan esasy stansiýalaryň sany 1 milliondan geçdi

16.09.2021, 12:156,494

Hytaýda 5G aragatnaşyk standarty üçin gurlan esasy stansiýalaryň umumy sany 1 milliondan geçdi. Bu barada HHR-iň Senagat we informasiýa ministri Sýao Ýasin metbugat konferensiýasynda aýtdy diýip, TASS habar berýär.

“Hytaý 1 milliondan gowrak 5G stansiýasyny gurdy, bu dünýä bazarynyň 70%-inden gowragyny emele getirýär. 5G ulanyjylaryň sany 400 milliondan geçýär, bu bolsa dünýädäki iň uly ulanyjy toparydyr” – diýip, Sinhua agentligi onuň sözlerini getirýär.

Ministrligiň çaklamalaryna görä, 2023-nji ýyla çenli HHR-de 5G abonentleriniň sany 560 milliondan geçmeli – bu ýurtdaky mobil aragatnaşygyny ulanyjylaryň umumy sanynyň 40%-ine deňdir. Edarada Hytaýyň 5G aragatnaşyk tehnologiýalary bilen baglanyşykly patentleriň sany boýunça-da birinji orunda durýandygy bellenilýär. 

HHR-iň öňdebaryjy mobil operatorlary 2019-njy ýylyň oktýabr aýynyň ahyrynda ilata bäşinji nesil aragatnaşyk hyzmatlaryny hödürläp başlady. 2020-nji ýylda ýurtda 5G aragatnaşygy üçin 580 müň töweregi esasy stansiýa guruldy. HHR-iň Senagat we informasiýa ministrliginiň maglumatlaryna görä, 2021-nji ýylda ýene-de 600 müňden gowrak täze stansiýa gurmak meýilleşdirilýär.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.