Bütindünýä ykdysady forumy 17 – 21-nji ýanwarda Dawosda geçiriler

21.09.2021, 09:023,017

Bütindünýä ykdysady forumynyň (BYF) ýyllyk mejlisi 2022-nji ýylyň 17 – 21-nji ýanwarynda Dawosda meýilleşdirilýär. Bu barada degişli beýany guramanyň saýtynda ýerleşdiren çäräni gurnaýjylar habar berýär. Muny Habar 24 teleýaýlymy ýetirýär.

“Bütindünýä ykdysady forumy 2022-nji ýyldaky Dawosda (Şweýsariýa) geçiriljek ýyllyk mejlisde esasy dünýä liderlerini ýygnamagy meýilleşdirýär. 2022-nji ýyldaky ýyllyk mejlis 17-nji ýanwardan 21-nji ýanwar aralygynda geçiriler” – diýlip, beýanda aýdylýar.

“Pandemiýa düýpli üýtgeşmelere sebäp boldy. Şeýle-de bolsa, şahsy söhbetdeşlik örän möhümdir. Ýolbaşçylar bilelikde işlemäge we ynamy dikeltmäge, global hyzmatdaşlygy giňeltmäge we kyn çözgütleri kabul etmäge ýykgyn etmäge borçludyr” – diýip, BYF-iň esaslandyryjysy we başlygy Klaus Şwab belleýär.

Forum 2021-nji ýylyň 17 – 20-nji awgustynda Singapurda geçirilmelidi, ýöne koronawirus pandemiýasy sebäpli ol ýatyryldy. 

BYF – Şweýsariýanyň hökümete degişli bolmadyk guramasy. Ol her ýyl abraýly işewür ýolbaşçylaryň, syýasy liderleriň we dürli iş ugurlary boýunça hünärmenlerň gatnaşmagynda duşuşyk geçirýär. BYF-iň agzalary müň töweregi iri kompaniýalar we guramalardyr.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.