Türkmenistanda ýaşaýan ýerinden beýleki welaýatlara wagtlaýyn gidýän raýatlar bellige alnar

13.01.2022, 08:3846,271

12-nji ýanwarda geçirilen Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow içerki migrasiýa bilen bagly meselä aýratyn ünsi çekdi.

Hususan-da, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hemişelik ýaşaýan ýerinden beýleki welaýata wagtlaýyn gidýän raýatlary häkimlikler bilen bilelikde bolýan ýerleri boýunça bellige almak hem-de olara gözegçilik etmek işlerini talabalaýyk ýerine ýetirmek üçin içerki migrasiýa işini has-da kämilleşdirmegiň wajypdygyny belledi.

Şeýle hem mejlisiň dowamynda ýurdumyzyň daşary söwdasynyň, esasan hem azyk harytlarynyň söwdasynyň ýagdaýyny we meýillerini seljermek maksady bilen, Döwlet gümrük gullugynda degişli statistiki maglumatlary talabalaýyk ýöretmek we bular boýunça degişli hasabatlary taýýarlamak babatda gullugyň ýolbaşçysyna anyk tabşyryklary berdi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.