Serdar Berdimuhamedow türkmen wekiliýetine ýolbaşçylyk edip, Daşkentde bolar

15.01.2022, 10:3317,815

14-nji ýanwarda geçirilen Hökümet mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti degişli Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň wekiliýeti Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherinde gulluk iş saparynda bolar.

Saparyň maksady Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky söwda-ykdysady we syýasy-diplomatik gatnaşyklaryň möhüm ugurlaryna degişli meseleleri ara alyp maslahatlaşmakdan we iş duşuşyklaryny hem-de gepleşikleri geçirmekden ybaratdyr. 

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.