Jeýk Pol Habibiň promouşenine geçmäge razy boldy

24.01.2022, 12:5518,160

Meşhur blogçy we boksçy Jeýk Pol Twitter sahypasynda Absolýut söweş çempionatynyň (UFC) öňki çempiony Habib Nurmagomedowyň Eagle FC söweş promouşenine çakylygyna jogap berdi.

«Gürleşdik. Ýöne birinji seniň bilen söweşsem razy» — diýip Pol rus dilinde ýazýar.

18-nji aprelde Pol tehniki nokaut bilen ONE FC-niň we Bellator-yň öňki çempiony Ben Askreni ýeňdi. Onuň dogany Logan Pol Floýd Meýwezer bilen söweşdi. Söweş deňme-deňlikde tamamlandy.
Ýatlatsak, Habib Nurmagomedow soňky söweşini 2020-nji ýylyň güýzünde geçirdi, şol söweşde ol Jastin Getjiden üstün çykdy we karýerasyny tamamlaýandygyny yglan etdi. Karýerasyny tamamlandan soň, Nurmagomedow Eagle FC promouşenini esaslandyrdy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.