Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Pakistana iş saparyna gider

29.01.2022, 09:383,913

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň we Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçirijisiniň taslamalaryny amaly taýdan durmuşa geçirmek maksady bilen, Pakistan Yslam Respublikasynyň degişli ýolbaşçy we tehniki hünärmenler derejesinde taslamalar boýunça toplumlaýyn gepleşikleri geçirmek üçin, 2022-nji ýylyň 30-njy ýanwary — 4-nji fewraly aralygynda Pakistan Yslam Respublikasynyň Yslamabat şäherinde gulluk iş saparynda bolar.

Bu baradaky degişli Buýruga 28-nji ýanwarda sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde türkmen Lideri gol çekdi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.