Pekindäki Olimpiadada koronawirus bilen kesellemegiň täze hadysalary ýüze çykaryldy

15.02.2022, 14:4415,165

Hytaý häkimiýetleri Pekinde geçirilýän Olimpiýa oýunlaryna gatnaşyjylaryň arasynda koronawirus bilen kesellemegiň täze sekiz hadysasyny ýüze çykardylar. Bu barada guramaçylyk komitetiniň beýannamasynda aýdylýar diýip, TASS-a salgylanyp, Day.Az habar berýär.

11-nji fewralda Hytaýa 81 adam geldi, olardan 59 sanysy türgenler we resmi adamlar, 22 sanysy “beýleki gyzyklanma bildirýän taraplaryň wekilleri”. Howa menzilinde we Olimpiýa obasynyň myhmanhanasynda geçirilen PZR-barlaglaryň netijesinde sekiz sany täze kesel hadysasy ýüze çykaryldy: dördüsi türgenleriň we resmi adamlaryň arasynda, dördüsi beýleki gyzyklanma bildirýän taraplaryň wekilleriniň arasynda. 
Olimpiýa oýunlary 20-nji fewralda tamamlanar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.