Türkmenistan ýakynda Ukraina ynsanperwerlik ýüklerini iberer

27.04.2022, 00:2128,666

Türkmenistan ýakyn günlerde ukrain halkyna ynsanperwerlik kömegini ýollar. Bu barada Daşary işler ministrligi resmi internet saýtynda 26-njy aprelde habar ýaýratdy.

Bellenilişi ýaly, ynsanperwerlik kömeginiň düzümi derman serişdelerinden we Türkmenistanyň beýleki lukmançylyk senagatynyň önümlerinden hem-de dokma önümlerinden ybarat bolar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.