Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýewe käýinç yglan edildi

14.05.2022, 08:4027,419

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, ýurdumyzda sanly ulgamy ornaşdyrmak işleriniň alnyp barlyşyna gözegçiligi gowşadanlygy üçin, Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory Çakyýew Mämmethan Berdimyradowiçe käýinç yglan etdi.

Degişli Buýruga döwlet Baştutany 13-nji maýda geçirilen Hökümet mejlisinde gol çekdi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.