Ukraina bilen Moldowa Ýewropa Bileleşiginiň agzalygyna dalaşgär boldular

24.06.2022, 17:3712,558

Ukraina we Moldowa Ýewropa Bileleşigine girmek üçin dalaşgäriň derejesini aldylar diýip, Ýewrogeňeşiň ýolbaşçysy Şarl Mişel habar berdi.

«Taryhy pursat. Bu günki gün siziň ÝB tarap aýgytly ädim ädendigiňizi alamatlandyrýar» — diýip, ol Twitterde ýazdy. Mişel Ukrainanyň we Moldowanyň Prezidentleri Wladimir Zelenskiý bilen Maýa Sanduwy, şeýle-de bu ýurtlaryň halklaryny gutlady.

23-nji iýunda Ýewroparlamentiň deputatlarynyň aglaba bölegi bu ýurtlara tizden-tiz dalaşgäriň derejesiniň berilmegi hakyndaky rezolýusiýanyň kabul edilmegi üçin ses beripdiler. Parlamentiň agzalary, zerur özgertmeler geçirilenden soň,  şol derejäniň Gruziýa hem gyssagly suratda berilmegi dogrusynda çagyryş bilen ýüzlendiler. Mişel ÝB-niň ýolbaşçylarynyň, «galan möhüm meseleler çözülen dessine», Tbilisä dalaşgäriň derejesini bermäge taýýardyklaryny tassyklady.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.