Bill Geýts tutuş emlägini diýen ýaly haýyr-sahawata bermegi meýilleşdirýär

16.07.2022, 08:3420,456

Amerikaly telekeçi Bill Geýts ömrüniň ahyryna çenli özüniň ähli emlägini diýen ýaly Gates Foundation haýyr-sahawat gaznasyna bermegi meýilleşdirýär. Bu barada ol öz Twitter-inde ýazdy diýip, TASS habar berýär.

“Men gazna emlägimiň ählisini diýen ýaly bermegi meýilleşdirýärin. Men aşak düşerin we ahyrynda dünýäniň iň baý adamlarynyň sanawyndan çykaryn” – diýip, telekeçi belledi.

Geýts ýakyn aýda gazna işini giňeltmegiň çäklerinde 20 mlrd dollar geçirjekdigini sözüniň üstüne goşdy. “Biz çykdajylarymyzy şu günki 6 mlrd dollardan 2026-njy ýyla çenli 9 mlrd dollara çenli ýokarlandyrmagy meýilleşdirýäris. Muny mümkin etmek üçin men şu aý gazna 20 mlrd dollar geçirerin” – diýip, telekeçi belledi.
Bill Geýts “uly baýlyga we artykmaçlyklara eýe bolan” beýleki adamlaryň hem öz göreldesine eýerjekdigine umyt bildirdi.  

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.