Halk Maslahatynyň Başlygy Ýaponiýanyň Premýer-ministri bilen duşuşdy

28.09.2022, 15:1716,788
1 / 2

27-nji sentýabrda Tokioda Nippon Budokan söweş sungaty zalynda Ýaponiýanyň öňki premýer-ministri Sindzo Abeni jaýlamak boýunça döwlet derejesinde çäre geçirildi. Merhumy hatyralamak çäresine 4,5 müňe golaý adam, şol sanda 34 sany döwlet baştutany hem-de 14 sany öňki döwlet baştutanlary gatnaşdy. Türkmenistandan bu çärä Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bardy.

28-nji sentýabrda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Ýaponiýanyň Premýer-ministri Fumio Kisida bilen duşuşdy. Ýaponiýanyň Hökümet Baştutanynyň saýtynda habar berlişi ýaly, Akasaka köşgünde geçirilen duşuşykda Kisida Gurbanguly Berdimuhamedowa medet beriji sözleri hem-de pajygaly ýagdaýda aradan çykan Sindzo Abeniň hatyrasyna Aşgabatda sadaka berendigi üçin minnetdarlyk bildirdi.


Şeýle hem duşuşygyň barşynda taraplar iki döwletiň arasynda özara bähbitli gatnaşyklary mundan beýläk hem ösdürmegiň mümkinçiliklerini maslahatlaşdylar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.