Intel we Samsung ýygnalýan ekranly PK bilen tanyşdyrdy

30.09.2022, 08:187,360

Intel Innovation 2022 konferensiýasynda Samsung Display-iň baş direktory J.S.Çoý üýtgeýän diagonally kompýuteriň täze nusgasyny görkezdi. Gurluş planşet ýaly görünse-de, öndüriji ony PK diýip atlandyrýar.

Gurluş çeýe ekran we ekranyň diagonalyny 13 dýumdan 17 dýuma çenli ulaltmaga mümkinçilik berýän ýygnalýan mehanizm bilen enjamlaşdyrylan.
Bu uly ekrana we portatiwlige bolan islegi kanagatlandyrjak dünýäde ilkinji 17 dýumlyk ýygnalýan planşet görnüşli PK bolar diýip, Çoý mälim edýär.
Samsungda kompaniýanyň PK-laryň hatarynda, Galaxy Z Fold we Z Flip smartfonlaryndaky ýaly ýygnalmaýan däl-de, ýygnalýan  ekranlaryň tehnologiýasyna bil baglaýandygyny aýtdylar. Şeýle-de, Intel şol displeýde özüniň täze Unison programma üpjünçiligini görkezdi. Ol Intel prosessorlarynyň bazasyndaky PK-ny smartfona birikdirmek üçin niýetlenendir.
Görkezilen nusga — häzirlikçe diňe konsept we onuň kommersiýalaşdyrylmak tapgyryna ýetjegi-ýetmejegi heniz belli däl.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.