Lula da Silwa we Bolsonaru Braziliýada prezident saýlawlarynyň ikinji tapgyryna çykdy

04.10.2022, 13:145,181

Braziliýanyň öňki prezidenti Luis Inasiu da Silwa prezident saýlawlarynyň birinji tapgyrynda  häzirki lider Žair Bolsonarudan öňe saýlandy, iki dalaşgär ses bermekligiň ikinji tapgyrynda duşuşarlar.

Sesleriň 99,9%-i sanalandan soň, Lula da Silwa sesleriň 48,40%-ni, Bolsonaru bolsa 43,22%-ni aldy.
Iki dalaşgäriň hiç biri hem sesleriň 50%-ni gazanmandygy sebäpli, saýlawlaryň ikinji tapgyry geçiriler. Ony 30-njy oktýabrda geçirmek meýilleşdirildi.
Ýekşenbe güni Braziliýada ählumumy saýlawlar geçirildi, onuň barşynda 156 mln braziliýaly prezidenti, ştatyň gubernatorlaryny, parlamentiň agzalaryny saýladylar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.