Si Szinpin: “Hytaý-türkmen gatnaşyklaryny ösdürmäge uly üns berýärin”

26.10.2022, 14:527,337

Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin hytaý-türkmen gatnaşyklaryny ösdürmäge uly üns berýändigini tassyklady. Bu barada HHR-iň Başlygynyň Prezident Serdar Berdimuhamedowa ýurduň jar edilmeginiň 73 ýyllygy mynasybetli iberen gutlaglary üçin hoşallyk hatynda bellenilýär.

“Golaýda biz Samarkantda Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitiniň barşynda üstünlikli duşuşyk geçirdik hem-de hytaý-türkmen gatnaşyklary, dürli ugurlarda hyzmatdaşlyk boýunça möhüm ähmiýetli ylalaşyklary gazanyp, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň ugurlaryny kesgitledik” diýlip, hatda nygtalýar.

Şeýle-de Si Szinpin: “Men hytaý-türkmen gatnaşyklaryny ösdürmäge uly üns berýärin we Siziň bilen bilelikde strategik hyzmatdaşlygymyzy mundan beýläk-de täze derejä çykarmaga, iki ýurduň hem-de halklarymyzyň abadançylygynyň bähbidine Hytaýyň we Türkmenistanyň bitewi ykbalynyň bileleşigini gurmak üçin umumy tagallalary etmäge taýýardyryn” diýip belledi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.