Raşid Meredow Saud Arabystanynyň DIM-niň ýolbaşçysy bilen gepleşikleri geçirdi

19.12.2022, 23:4610,201

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow duşenbe güni Aşgabatda Saud Arabystanyň daşary işler ministri Faýsal bin Farhan Al-Saud bilen gepleşikleri geçirdi. Bu barada ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynda habar berdiler.

Diplomatlar ikitaraplaýyn şertnama-hukuk binýadyny, şol sanda konsullyk ugurlary babatda aragatnaşygy giňeltmäge, şeýle hem söwda-ykdysady, söwda gatnaşyklaryny, maýa goýum aragatnaşygyny giňeltmäge taýýarlygyny beýan etdiler. Şu nukdaýnazardan, iki ýurduň işewür toparlarynyň arasynda göni aragatnaşygy ýola goýmak üçin Türkmen-saud işewürler geňeşini döretmegiň maksadalaýyk boljakdygy nygtaldy.
Gepleşikleriň barşynda şeýle hem nebitgaz, himiýa, sokma ulgamlarynda, raýat awiasiýasy ulgamynda hyzmatdaşlyga aýratyn üns berildi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.