Serdar Berdimuhamedow Ilham Aliýewi doglan güni bilen gutlady

23.12.2022, 07:027,682

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýewe doglan güni mynasybetli gutlag hatyny iberdi.

«Bu günki gün Siziň ýolbaşçylygyňyzda Azerbaýjan Respublikasy jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlarynda düýpli netijeleri gazanyp hem-de dünýäde abraýyny barha berkidip, depginli ösüş ýolundan ynamly barýar».

Türkmenistanyň Baştutany Azerbaýjan bilen häzirki köpugurly hyzmatdaşlyga ýokary baha berip, döwletara gatnaşyklarynyň ösmegine Aliýewiň aýratyn şahsy goşandyny belledi.
Serdar Berdimuhamedow Ilham Aliýewe berk jan saglygyny, bagt we maşgala abadançylygyny, Azerbaýjanyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk hem gülläp ösüş arzuw etdi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.