Serdar Berdimuhamedow Slowakiýanyň Prezidentini diplomatik gatnaşyklaryň 30 ýyllygy bilen gutlady

02.01.2023, 08:2112,052

Prezident Serdar Berdimuhamedow Slowakiýa Respublikasynyň Prezidenti hanym Zuzana Çaputowa we ýurduň halkyna Türkmenistan bilen Slowakiýa Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Döwlet Baştutany öz hatynda ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklaryň birek-birege hormat goýmaga, deňhukuklylyga, özara ynanyşmaga esaslanýandygyny belläp, Türkmenistanyň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň giňeldilmegine gyzyklanma bildirýändigini nygtady, şeýle-de ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň bilelikdäki tagallalaryň netijesinde mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdi.
Serdar Berdimuhamedow Slowakiýa Respublikasynyň Prezidenti hanym Zuzana Çaputowa tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, rowaçlyk, ýurduň halkyna bolsa ösüş we abadançylyk arzuw etdi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.