Serdar Berdimuhamedow welaýat häkimleri bilen iş maslahatyny geçirdi

07.02.2023, 00:2117,401

6-njy fewralda Prezident Serdar Berdimuhamedow welaýatlarda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri bilen baglanyşykly meseleler boýunça sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Oňa oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministri A.Altyýew hem-de welaýatlaryň häkimleri gatnaşdy.

Maslahatyň barşynda welaýat häkimleri şu günler ýerlerde dowam edýän oba hojalyk işleriniň ýagdaýy, hususan-da bugdaý ekilen meýdanlarda ideg işlerini agrotehniki möhletlerde geçirmek boýunça durmuşa geçirýän çäreler barada hasabat berdiler. Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministri A.Altyýew ýurdumyzyň welaýatlarynda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.  
Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagynyň milli ykdysadyýetimizdäki möhüm ornuna ünsi çekdi hem-de şu günler dowam edýän oba hojalyk işleriniň, hususan-da, bugdaýa  ideg etmek işleriniň agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda alnyp barylmagynyň zerurdygyny belledi. 
Serdar Berdimuhamedow oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrine  hem-de welaýatlaryň häkimlerine häzirki wagtda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň, hususan-da, bugdaý ekilen meýdanlardaky ideg işleriniň, şu ýylyň hasyly üçin gowaça hem-de ýazlyk ýeralmanyň we beýleki gök-bakja ekinleriniň ekiljek ýerlerini ekişe taýýarlamagyň agrotehnikanyň talaplaryny berjaý etmek arkaly geçirilmegini berk gözegçilikde saklanylmagy babatda birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.