18-nji martda Türkmenistanda ählihalk bag ekmek dabarasy geçiriler

11.03.2023, 13:1713,320

Türkmenistanda 2023-nji ýylyň 18-nji martynda ählihalk bag ekmek dabarasyny geçirmek bellenildi. Bu barada degişli Karara Türkmenistanyň Prezidenti gol çekdi.

2023-nji ýylda ýurdumyz boýunça dürli baglaryň we üzümiň 3 million düýp nahalyny ekmek meýilleşdirilýär. Şol nahallaryň 1,5 million düýbi ýazky bag ekmek möwsüminde oturdylar.
Ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimlikleri ählihalk bag ekmek dabarasynyň ýokary derejede, guramaçylykly geçirilmegini üpjün eder.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.