Türkmenistanyň Prezidenti 2023-nji ýylda welaýatlarda gowaça ekiljek seneleri kesgitledi

17.03.2023, 23:0415,336

Türkmenistanda Ahal, Balkan, Lebap we Mary welaýatlarynda 24-nji martda, anna güni, Daşoguz welaýatynda bolsa, 29-njy martda, çarşenbe güni gowaça ekişine ak pata berler. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

17-nji martda geçirilen Hökümet mejlisinde Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň welaýatlarynda gowaça ekişine başlamaga ak pata berip, hormatly ýaşululardan gowaça ekişine «Bissimilla!» bilen başlap bermeklerini haýyş etdi.
Mejlisiň barşynda bellenilişi ýaly, häzirki wagtda sebitlerde agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda, gowaça ekişine guramaçylykly başlamak boýunça degişli taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Gowaça ekişi üçin zerur bolan möçberlerde tohumlar hem-de ekiş döwründe ulanyljak oba hojalyk tehnikalary we gurallary doly taýýarlanyldy.
Gowaça ekişini bellenen agrotehniki möhletlerde we ýokary hilli geçirmek maksady bilen, ekiş möwsüminde ýurdumyz boýunça jemi 1800 sany gowaça ekijilerini we bejergi traktorlaryny işletmek meýilleşdirilýär.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.