Apreliň başynda Aşgabatda Söwda toplumynyň sergisi geçiriler

01.04.2023, 23:568,561

4-6-njy aprelde Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Söwda toplumynyň sergisi geçiriler. Bu barada «Neýtranyý Türkmenistan» gazetinde habar berildi.

Üç günläp dowam etjek sergide oňa gatnaşyjylar ýurdumyzyň eksport kuwwaty, türkmen topragynda bitýän datly önümleriň dürli görnüşleri, ýerli  telekeçileriň öndürýän  önümleri, dokma senagatynyň gazananlary, türkmen el halylary, şeýle-de “Türkmenistanda öndürildi”  nyşanly harytlaryň  örän köp görnüşleri  bilen tanşyp bilerler.
Bu sergi, öz gezeginde, söwda toplumynyň wekillerine hem-de işewürlere  öz önümlerini, hyzmatlaryny görkezmäge, hyzmatdaşlar bilen giň gatnaşyklary ýola goýmaga mümkinçilik döreder.
Serginiň iş wagty:
4-5-nji aprel— 10.00-dan 18.00-a çenli
6-njy aprel—10.00-dan 17.00-a çenli

Salgysy:  Aşgabat ş., Çandybil şaýoly, 143.
Habarlaşmak üçin telefon belgiler: 39-89-33, 39-88-84 (83) (82)

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.