Asus dünýäde iň güýçli oýun smartfonyny çykardy

16.04.2023, 13:1324,435

Asus kompaniýasy Asus ROG Phone 7 oýun smartfony bilen tanyşdyrdy. GSMArena tehnologiýa portaly täzeligi gözden geçirenden soň, häzirki wagtda telefonyň öz segmentinde dünýäniň iň güýçli gajetidigini belledi.

Enjam aşa gyzmakdan goraýan häzirki zaman tehnologiýasyny aldy. Ulanyjy bölekleri sowatmak üçin döredilen AeroActive Cooler 7 sowadyjysyny smartfona birikdirip biler. Dogry, ol diňe  ROG 7 Ultimate  ýokary derejeli modeliniň toplumyna goşular. Esasy model üçin ony satyn almaly bolarsyňyz. Asus kompaniýasynda aşa agram salynsa we ekranda  sekuntda 60 kadr ýygylykda  maglumat görkezilende smartfonyň öň paneliniň temperaturasynyň 36.5 ° C-de galjakdygyny tassyklaýarlar.
Asus ROG Phone 7 smartfony 2448 × 2080 durulykda 6,78 dýuýmlyk AMOLED ekrany aldy. Gajetde 16 Gb RAM we 512 Gb içerki ýat bar. Model deňine hersi 3000 mAh-lyk iki batareýa aldy, bu bolsa onuň zarýad berilmezden uzak wagtlap işlemegini üpjün eder.
Yzky panelde 50, 13 we 8 megapikselli üç kamera bar. 32MP-lik öň kamerasy selfi alar. Smartfon Android 13 operasiýa ulgamynda we Snapdragon 8 Gen 2 prosessorynda işleýär. ROG Phone 7-niň bahasy 999 dollar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.