Türkmenistan maý aýynda Owganystana nobatdaky ynsanperwer kömegini iberer

07.05.2023, 23:1325,839

2023-nji ýylyň maý aýynda Türkmenistan derman we saglygy goraýyş maksatly serişdeleri, harytlary hem-de azyk önümlerini ynsanperwer kömegi hökmünde Owganystana muzdsuz berer. Degişli Buýruga Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi, Dokma senagaty ministrligi hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi bu harytlary üpjün eder.
Daşary işler ministrligine 2023-nji ýylyň maý aýynda Owganystana ynsanperwer kömeginiň iberilmegini we gowşurylmagyny guramaçylykly we ýokary derejede geçirmek tabşyryldy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.