Samsung-yň täze eplenýän smartfonlarynyň ilkinji görkeziljek senesi aýdyldy

19.05.2023, 16:387,993

«Samsung 26-njy iýulda eplenýän Galaxy Z Fold 5 we Flip 5 smartfonlarynyň täze modellerini hödürlemäge taýýarlanýar» diýip, Ice Universe-iň insaýderiniň maglumatlaryna salgylanyp, IXBT portaly habar berýär. Onuň sözlerine görä, şol gün Samsung Galaxy Tab S9 planşetleri we Galaxy Watch6 akylly sagatlary hem hödürlener.

Däp bolşy ýaly, Günorta Koreýanyň kompaniýasy awgust aýynda Galaxy Unpacked-iň uly tanyşdyrylyş dabarasyny geçirdi. “Samsung”-yň adaty tertipden daşlaşmak kararyna gelmeginiň sebäbi agzalmaýar.
Galaxy Z Fold 5 we Galaxy Z Flip 5  iň soňky Snapdragon 8 Gen 2 prosessori bilen enjamlaşdyrylar. Işläp taýýarlaýjylar  Z Fold 5-iň iki böleginiň arasyna boşlugy kiçeldýän täze çeňňek oturtdylar.
Smartfonlar 50 megapiksel durulykdaky kameralar, 12 megapikselli, şeýle hem 10 megapikselli  ultra giň burçly obýektiwler bilen surata düşürer. Iki enjam hem IPX8 standarty boýunça suw geçirmeýär.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.