Ýakyn günlerde Arkadag şäherinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezi açylar

23.05.2023, 12:0631,651

Ýakyn günlerde Arkadag şäherinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň işine ak pata berler. Bu barada türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýanyndaky Ýaşulular geňeşiniň ikinji mejlisinde belledi.

Munuň özi hemaýata mätäç çagalara kömek etmek boýunça giň gerimli işleri ep-esli giňeltmäge mümkinçilik berer. Bu ugurda maksatlaýyn işler barha giň gerime eýe bolar. Munuň üçin döwletimiziň hem, gaznanyň hem serişdeleri ýeterlik diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.