Iýun aýynda türkmen wekiliýeti Tbiliside iş saparynda bolar

27.05.2023, 11:174,401

5-6-njy iýunda Gruziýanyň paýtagty Tbilisi şäherinde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-gruzin toparynyň nobatdaky mejlisi geçiriler. Häzirki wagtda türkmen wekiliýetiniň bu mejlise gatnaşmagy üçin taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Bu barada wise-premýer B.Atdaýew anna güni Hökümet mejlisiniň barşynda habar berdi.

Serdar Berdimuhamedow söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmekde, özara bähbitli maýa goýum taslamalaryny işläp taýýarlamakda hem-de söwda gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-gruzin toparynyň işiniň möhüm ähmiýeti barada aýtmak bilen, bu çärä taýýarlygyň talabalaýyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.