Koreýa Respublikasynyň täze bellenen ilçisi Türkmenistanyň Prezidentine ynanç hatyny gowşurdy

13.06.2023, 16:057,050

Koreýa Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ji Kýu-Teg Prezident Serdar Berdimuhamedowa ynanç hatyny gowşurdy.

Diplomat wagt tapyp kabul edendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Serdar Berdimuhamedowa Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Ýun Sok Ýoluň aýdan mähirli salamyny we tutuş türkmen halkyna ýollan iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.
Diplomat mähirli kabul edilendigi we netijeli gepleşikler üçin döwlet Baştutanyna hoşallyk bildirip, öz üstüne ýüklenen wezipäni ýerine ýetirmek, iki ýurduň we olaryň halklarynyň bähbidine laýyk gelýän türkmen-koreý hyzmatdaşlygynyň berkidilmegine hemmetaraplaýyn ýardam bermek ugrunda ähli güýç-gaýratyny gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.