Germaniýada geçiriljek Ýewro-2024-üň tumary hökmünde Aýy saýlandy

22.06.2023, 12:458,831

Germaniýada geçiriljek 2024-nji ýylyň Ýewropa çempionatynyň tumary hökmünde aýy saýlandy. Bu barada Ýewropanyň Futbol Assosiasiýalarynyň Birleşiginiň saýtyna salgylanyp, rsport.ria.ru habar berýär.

Ýewro-2024 14-nji iýundan 14-nji iýul aralygynda Germaniýanyň on şäherinde geçiriler.

"Tumar, aýdyşlary ýaly, XX asyryň başlarynda Germaniýada peýda bolan çagalaryň meşhur ýumşak oýunjagyna hormat goýýar" - diýlip, beýanda aýdylýar.

Iki hepdäniň dowamynda UEFA-nyň saýtynda tumaryň ady üçin ses bermek bolar. Jemi dört görnüş hödürlenýär: Albert, Bernardo, Bernhardt, Hersi fon Ber.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.