Ýerdäki ortaça temperatura täze rekord derejä ýetdi

08.07.2023, 18:4635,875

ABŞ-nyň Ekologiki çaklaýyş merkezleriniň beýanatynda penşenbe güni Ýerdäki ortaça temperatura ýene-de täze rekord goýdy diýip görkezilýär. Bu barada Trend habar berýär.

Duşenbe güni ilkinji gezek planetada 17 gradus Selsiýadan geçen görlüp-eşidilmedik ýokary temperatura hasaba alyndy.
Sişenbe güni ortaça temperatura 17,18 dereje boldy, çarşenbe güni hem şol derejede galdy.
Penşenbe güni planetada ortaça temperatura 17,23 dereje, ýagny 2016-njy ýylyň awgust aýynyň ortalarynda 16,92 dereje bolan öňki rekorddan ýokary boldy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.