Soňky 50 ýylyň içinde dünýäde megapolisleriň sany 8-den 33-e çenli artdy

Düýn, 21:392,573
1 / 2

BMG-niň maglumatyna görä, 1975-2025-nji ýyllar aralygynda ilaty 10 milliondan geçýän iri şäherleriň sany 8-den 33-e çenli artdy.

50 ýyl öň şeýle megapolisler juda seýrekdi. Diňe Tokio, Osaka, Nýu-Ýork, Jakarta, Mehiko, San-Paulu, Kalkutta we Seul şäherleriniň ilat sany 10 milliondan geçýärdi.

Häzir bolsa bu ägirt uly aglomerasiýalarda tutuş adamzadyň tas 8% -i ýaşaýar. Ýarym asyr wagtyň içinde bu sanawa Aziýanyň we Afrikanyň Deli, Dakka, Şanhaý, Guançžou, Kair, Manila, Karaçi, Mumbaý, Lagos we Kinşasa ýaly onlarça ägirt şäherler goşuldy.

Şäher durmuşynyň merkezi Ýewropadan we Demirgazyk Amerikadan görnetin daşlaşdy. Häzirki zaman 33 megapolisiň 19-y Aziýada, 5-si Latyn Amerikasynda we 4-si Afrikada ýerleşýär. Diňe iki iri şäher — Moskwa we London — doly Ýewropa degişli. Mundan başga-da, sanawda Aziýa bilen Ýewropanyň sepgidinde oturan Stambul bar.

Adamlar iş we gazanç üçin, ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlary hem-de okuw üçin oba ýerlerinden şäherlere göçüp barýar.

Iň köp ilatly şäherleriň liderleri hem öňküligine galmady. Ýaponiýanyň paýtagty Tokio uzak wagtlap birinji orny eýeleýärdi, emma ilatynyň gartaşmagy sebäpli bu ornuny ýitirdi. Indi birinjilik Indoneziýanyň ilat sany 42 milliona golaýlan paýtagty Jakarta geçdi. Ikinji orny bolsa Bangladeşiň 37 milliona golaý adamy sygdyrýan paýtagty Dakka eýeleýär. Olaryň yzyndan Tokio, Hindistanyň Deli we Mumbaý ýaly megapolisleri gelýär. Nýu-Ýork şäheri indi hatda birinji onluga-da düşüp bilmedi.

BMG-niň bilermenleri bu prosesiň dowam etjekdigini ynam bilen aýdýarlar. Olar şeýle äpet iri şäherleriň sany bahym 37-ä ýeter diýip çaklaýarlar. Kuala-Lumpur, Addis-Abeba we Dar-es-Salam bu ägirtler toparynyň agzasy bolar. Bangladeşiň paýtagty Dakka bolsa Ýer ýüzüniň iň gür ilatly şäherine öwrülip, ilat sany 52 milliona çenli artyp biler.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.