BMG yklymlaryň hakyky meýdanyny görkezýän dünýä kartasyna geçilmegini goldady

Düýn, 15:154,279
1 / 4

BMG-niň Baş Assambleýasy yklymlaryň hakyky meýdanlaryny has takyk görkezýän kartalaryň peýdasyna Merkator proýeksiýasyna esaslanýan adaty dünýä kartasyndan ýüz öwürmek baradaky rezolýusiýa ses berdi. Muny The Guardian neşiri habar berýär.

Rezolýusiýany 164 döwlet goldady, alty döwlet ses bermekden saklandy. Resminama garşy çykan ýeke-täk ýurt ABŞ boldy. Ýurduň BMG-däki wekili bu rezolýusiýany «artykmaçlyk» hasaplady.

Rezolýusiýanyň esasan öňe süren döwletleriň biri Togo boldy. Ýurduň BMG-däki wekili resminamada proporsional bolmadyk kartografik şekillendirmeleriň, aýratyn-da Merkator proýeksiýasynyň bilim, medeniýet, geosyýasat we durmuş-ykdysady ulgamlar üçin uzak möhletleýin netijelere getirendigini belledi. Dünýäniň dürli sebitleriniň, şol sanda Afrikanyň hakyky meýdanlarynyň adam aňynda has kiçi bolup görünmegine şeýle kartalaryň sebäp bolandygy hem nygtaldy.

BMG-niň Baş Assambleýasynyň rezolýusiýalarynyň hökmany güýji ýok. Şeýle-de bolsa, olaryň kabul edilmegi okuw maksatnamalaryna we kartalaryň ulanylyşyna täsir edip biler.

Fransiýanyň daşary işler ministri Žan-Noel Barro hem Parižiň Merkator kartalaryndan ýüz öwrüp, «anyk maksatlar üçin uýgunlaşdyrylan, hakyky meýdanlary has takyk görkezýän we kartograflaryň hem-de alymlaryň maslahatyna laýyk gelýän kartografik proýeksiýalara» geçjekdigini yglan etdi.

1595–1602-nji ýyllara degişli Merkator atlasynda Afrikanyň kartasy
Surat: Patyşalyk geografiýa jemgyýeti

Flamand kartografy Gerard Merkator bu proýeksiýany 1569-njy ýylda deňiz nawigasiýasy üçin döredipdi. Ol kartada yklymyň umumy burçlaryny dogry saklaýar, ýöne ýer bölekleriniň meýdanlaryny ýoýup görkezýär. Yklym ekwatordan näçe uzakda ýerleşdigiçe, bu ýalňyşlyk şonça-da artýar. Şol sebäpli Merkator proýeksiýasyndaky kartada Grenlandiýa Afrika bilen deňeçerräk görünýär. Aslynda welin Afrikanyň meýdany Grenlandiýaňkydan 14 esse uludyr.

1973-nji ýylyň Gall-Peters dünýä kartasy Merkator proýeksiýasyna alternatiwa hökmünde ulanyldy
Surat: Maýkl Şmeling/Alamy

Togo häkimiýetleri 2018-nji ýylda halkara kartograflar topary tarapyndan işlenip düzülen Equal Earth proýeksiýasyny has giňden ulanmagy teklip etdi. Şol bir wagtyň özünde häzirki zaman kartografiýada dürli amaly maksatlar üçin has takyk netijeleri berýän ýerli proýeksiýalaryň hem birnäçe ulanylýar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.