2022-nji ýylda Türkmenistana göni daşary ýurt maýa goýumlarynyň möçberi 930 mln dollardan gowrak boldy

11.07.2023, 15:529,666

2022-nji ýylda Türkkmenistana gönükdirilen göni daşary ýurt maýa goýumlarynyň möçberi 936 mln dollar boldy. Bu barada Söwda we ösüş barada Konferensiýanyň (UNCTAD) geçen ýyl boýunça hasabatynda aýdylýar.

Bu görkeziji babatda Türkmenistan Merkezi Aziýada üçünji orny eýeleýär. Hasabatda bellenilişi ýaly, sebitiň döwletlerine maýa goýumlarynyň arassa akymy 39% artdy. Dünýäde dowam edýän ykdysady kynçylyklara garamazdan, Türkmenistan göni daşary ýurt maýa goýumlary boýunça oňyn görkezijisi bolan ýurtlaryň sanawynda saklanýar.
Bu görkezijiniň dünýä ýurtlarynda peselmegi ösen ýurtlara degişli. Bu ýurtlarda maýa goýumlarynyň akymy 37% azalyp, 378 mlrd dollara ýetdi. Ösüp barýan ýurtlarda bu görkezij 4% artdy.
Göni daşary ýurt maýa goýumlary esasan türkmen ýangyç-energetika toplumyny, himiýa senagatyny we oba hojalygyny ösdürmäge gönükdirildi

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.