Gruziýanyň 6 aýda awiakerosin importynyň ýarysyna golaýyny Türkmenistan üpjün etdi

12.07.2023, 18:3112,269

2023-nji ýylyň ýanwar-iýun aýlarynda Türkmenistan Gruziýa 25,7 müň tonna awiakerosin eksport edip, ýangyjyň bu görnüşini bu ýurda ibermekde absolýut lider boldy.

Türkmenistan Gruziýanyň awiasion kerosin importynyň umumy möçberiniň 47,1%-ini üpjün etdi diýip, Sputnik Gruziýa agentligi Nebit önümlerini import edijileriň Birleşigine salgylanyp habar berýär. Muny Orient ýetirýär.
Gruziýa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, awiakerosiniň importyny 0,5% artdyrdy. Azerbaýjan bur ýurda awiakerosiniň 12,5 müň tonnasyny, Gresiýa 9,9 müň tonnasyny eksport etdi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.