Türkmenistanda Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi iki ministrlige bölündi

14.07.2023, 23:3331,097

14-nji iýulda şu ýylyň alty aýynyň jemlerine bagyşlanyp geçirilen giňişleýin Hökümet mejlisinde Serdar Berdimuhamedow Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligini bölmek, şonuň binýadynda Oba hojalyk ministrligini hem-de Daşky gurşawy goramak ministrligini döretmek barada karara gelendigini aýtdy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Serdar Berdimuhamedow häzirki döwürde ýurdumyzda daşky  gurşawy goramak babatda döwlet syýasatyny has netijeli amala aşyrmagyň,  şeýle hem azyk howpsuzlygy we beýleki önümçilik bilen bagly wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegini gazanmagyň zerurdygyna ünsi çekdi.
Oba hojalyk ministri wezipesine N.Nazarmyradow bellenildi.
Daşky gurşawy goramak ministri wezipesine bolsa, häzirki döwürde Türkmenistanyň Mejlisiniň Daşky gurşawy goramak, tebigatdan peýdalanmak we agrosenagat toplumy baradaky komitetiniň başlygy bolup işleýän Ç. Babanyýazow bellenildi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.