Gurbanguly Berdimuhamedow ýeňil atletika boýunça dünýä çempionatynyň açylyşyna çagyryldy

19.08.2023, 20:1421,049

Wengriýanyň Premýer-ministri Wiktor Orban türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy ýeňil atletika boýunça dünýä çempionatyna gatnaşmaga çagyryp, çakylyk iberdi.

“Her ýylyň 20-nji awgusty wengerleriň durmuşynda ähmiýetli sene hasaplanylýar. Milli senenamamyzyň bu möhüm gününde esaslandyryjy patyşamyz Keramatly Stefanyň gününi belleýäris. Ýöne şu ýyl bu baýram has-da özboluşlylygy bilen tapawutlanar. Wengriýa tutuş dünýäniň üns merkezinde bolar. Çünki Budapeştde 19-27-nji awgust aralygynda ýeňil atletika boýunça dünýä çempionaty geçiriler” diýlip, hatda bellenilýär.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.