Aşgabatda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXIV maslahaty geçirildi

21.09.2023, 01:119,802

20-nji sentýabrda Aşgabatdaky «Mekan»  köşgünde Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXIV maslahaty geçirildi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda geçirilen foruma daşary ýurtlarda kowçum bolup ýaşaýan türkmenleriň wekilleri we Watanymyzyň dürli künjeklerinden gelen ildeşlerimiz gatnaşdylar.
Gurbanguly  Berdimuhamedowyň çykyşynda belleýşi ýaly, şu gezekki maslahata gatnaşmak üçin Russiýa  Federasiýasyndan, Eýran Yslam  Respublikasyndan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Germaniýa Federatiw Respublikasyndan, Türkiýe Respublikasyndan, Saud Arabystany Patyşalygyndan, Gazagystan  Respublikasyndan, Täjigistan  Respublikasyndan, Owganystan döwletinden wekiller geldiler.  
Maslahatyň dowamynda daşary ýurtly wekiller halkymyzyň abadan durmuşynyň we Türkmenistanyň halkara giňişligindäki abraýynyň ýokarlanmagyna gönükdirilen we üstünlikli durmuşa geçirilýän iri möçberli durmuş-ykdysady maksatnamalar, şeýle hem ýurdumyzda amala aşyrylýan we dünýä döwletleri bilen netijeli hyzmatdaşlyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegini şertlendirýän iri halkara taslamalar bilen tanyşdyryldy.
Soňra maslahata gatnaşýan daşary ýurtly watandaşlarymyza söz berildi.
Çykyşlar tamamlanandan soň, maslahata gatnaşyjylaryň şowhunly el çarpyşmalary bilen DTYB-niň Prezidenti Birleşigiň birnäçe agzalaryny “Ynsanperwerligiň sarpasy” nyşany bilen sylaglamak hakynda hem-de Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXV Maslahatyny 2024-nji ýylda çagyrmak hakyndaky Kararlara gol çekdi.
Soňra Guramanyň has tapawutlanan agzalaryny, şol sanda daşary ýurtlarda kowçum bolup ýaşaýan türkmenleriň wekillerini “Ynsanperwerligiň sarpasy” nyşany bilen sylaglamak dabarasy boldy. 

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.