Oktýabr aýynda Özbegistanda Türkmenistanyň Medeniýet günleri geçiriler

22.09.2023, 17:328,296

Oktýabr aýynda Özbegistanda Türkmenistanyň Medeniýet günleri geçiriler. Bu barada özbek Lideri Şawkat Mirziýoýewiň Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen geçiren telefon arkaly söhbetdeşliginiň barşynda bellenilip geçildi.

Söhbetdeşligiň barşynda özbek Lideri türkmen kärdeşini doglan güni bilen gutlady.
Şeýle hem ikitaraplaýyn gün tertibiniň we sebit hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan meseleleri barada gürrüň edildi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.